“AlbertClock” – wagty ýatdan hasaplamak üçin niýetlenen sagat

169

Häzirki döwürde adamlar köplenç okuwy tamamlandan soň, tiz wagtda ýatdan hasaplamagy bes edýär, çünki elmydama islendik zady hasaplamaga kömek edýän dürli enjamlar bar. Adaty bolmadyk sagat “AlbertClock”-yň döredijileri munuň soňuna çykmak we ýygy-ýygydan hasaplamagy endik edinmek kararyna geldiler. Munuň üçin diňe “AlbertClock”-a göz aýlamaly. Ýagny bu sagatda goşmak, köpeltmek we bölmek arkaly wagty hasaplamak zerurlygy ýüze çykýar. Sagadyň 4 kynçylyk derejesi bar we kiçi meseleler her minutda täzelenip bilner. Ilki bilen “AlbertClock” mekdep sapaklary üçin sagat hökmünde döredildi, emma soňra adaty bolmadyk enjamyň ulularda-da, mysal üçin öýünde ýa-da iş ýerinde hem meşhur bolandygy belli boldy. Sagadyň minimalistik dizaýny takyk wagty çalt hasaplamaga gönükdirilendir.

Aýgül HALLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby