Rekord derejede sargyt kabul etdi

89

Dürli elektron enjamlaryny we tehnikalary öndürýän Germaniýanyň “Siemens Energy” kompaniýasyna berilýän sargytlaryň artandygy mälim edildi. Sentýabr aýynda tamamlanan maliýe ýylynyň ahyryna çenli nemes kompaniýasyna berlen sargyt 4,3 göterim artyp, 97,4 milliard ýewro ýetipdir. Kompaniýanyň ýylyň dördünji çärýegindäki satuwy hem ýokarlanypdyr. Şeýlelikde, degişli döwürde “Siemens Energy”-niň energiýa torlary hyzmatlaryna we abzallaryna bolan isleg %5,9 artyp, 9,2 milliard ýewro ýetipdir.

Mundan başga-da kompaniýa 100 milliard ýewro barabar bolan rekord derejede sargyt alandygyny mälim etdi. bu bolsa, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasyny hem gymmatladypdyr.

Enejan Şatlykowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby