Deňizlerde suwüsti ýel beketlerini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan “World Wide Wind” has önjeýli beketleri teklip edýär. Adatdakylardan tapawutlylykda dik durýan üýtgeşik gurluşly beketleriň häzirkilerden iki esse önjeýli boljakdygy bellenilýär. Tükeniksiz energiýa çeşmesi bolan el gazylyp alynýan energiýa serişdeleriniň öwezini dolmakda uly ähmiýete eýedir. Norweg kompaniýasynyň işläp taýýarlan çapraz ganatly gapma-garşylykly aýlanýan turbinalary arkaly has köp energiýa öndüriler.

Suwa “labyr taşlamak” arkaly islendik çuňlukda gurnap boljak turbina ýel has güýçli öwsen ýagdaýynda bir tarapa egilýär emma ýykylmaýar. Bu bolsa onuň has köp wagtlap ulanylmagyna hem mümkinçilik berýär. Belli bir bölegi ozal ulanylan materiallardan öndüriljek turbinalaryň ganatlary ýuwaş aýlanýandygy sebäpli deňiz jandarlaryna hem zyýan bermeýär.

Gülşat Gurbandurdyýewa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.