Ýaponiýanyň günorta-günbataryndaky Kitakýusýu şäherindäki garrylar öýi üç ýaşa çenli bäbekleriň we çagalaryň “işe alnandygyny” habar berdi. Bu karar, guramanyň işgärleri tarapyndan garrylaryň çagalara seredip, keýpiniň düýpgöter üýtgeýändigini görenlerinden soň kabul edildi. Maglumatlara görä, garrylar öýünde bolýanlar çagalary görenlerinde ýylgyryp, hatda mylaýymlyk bilen aglap başlaýarlar. Şonuň üçin Ýaponiýada çagalar üçin boş “iş ýerleri” peýda boldy. Indi garrylar has köp şatlanýarlar. Garrylar öýüne baran körpejelere süýt we beýleki çaga iýmitleri hem berilýär.

Guramanyň müdiri Gondo Kimie çagalar üçin “iş gününiň” kadaly däldigini aýtdy. Olar özlerini gowy duýanlarynda we ejeleri üçin amatly wagt bolanda garrylar öýüne gelip bilerler. Garrylar öýünde çagalar üçin oýun meýdançasy hem bar.