“Visa Inc”-iň baş ýerine ýetiriji direktory Alfred Kelli wezipesinden çekiler. 2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda onuň ýerini kompaniýanyň häzirki prezidenti Raýan Makinerniniň eýelejekdigi habar berilýär. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi. 2016-njy ýyldan bäri bu wezipede işleýän Alfred Kelli direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy hökmünde kompaniýada galar.

65 ýaşly Kelli  kompaniýanyň gündelik işine çekilmese-de topara gerek bolan maslahatlaryny berjekdigi habar berilýär. Makinerni 2013-nji ýyldan bäri “Visa”-nyň prezidentiniň wezipesini eýeleýär we häzirki wagtda kompaniýanyň ählumumy biznesine jogap berýär.