Katar 2022 Dünýä Kubogynda 4-nji günüň ilkinji duşuşygynda “F” toparçada wise-çempion Horwatiýa bilen Marokko duşuşdy. Duşuşyk çekeleşikli geçse-de, hasap açylmady. Toparlar oýnuň soňuna çenli gol geçirmek üçin tagalla baryny etdiler. Ýöne goragçydyr derwezeçileriň erjel oýny duşuşygyň golsuz tamamlanmagyna getirdi. Netijede, duşuşyk 0-0 hasabynda deňlikde tamamlandy. Duşuşykda 90 minutlap çykyş eden 37 ýaşyndaky Luka Modriç üç sany 10 ýyllyk döwürde Ýewropa çempionatynda hem-de Dünýä Kubogynda çykyş eden ilkinji futbolçy boldy.

Katar 2022-de şu wagta çenli oýnalan 9 duşuşygyň 3-si golsuz tamamlandy. Bu bolsa oýnalan oýunlaryň 3-den 1-inde hasabyň açylmandygyny aňladýar. Mälim bolşy ýaly, düýnki duşuşyklarda Daniýa bilen Tunisiň, Meksika bilenem Polşanyň arasyndaky oýunlarda hasap açylmandy.