Dünýäniň iň uly çig nebit öndüriji kompaniýasy bolan “Saudi Aramco”-nyň garamagyndaky “Luberef” şereketiniň paýnamalarynyň biržada satylmagy üçin degişli resminamany alandygy mälim edildi. Bu şereket motorly ulaglar, gämiler we senagat maşynlary üçin ýag öndürmek bilen meşgullanýar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary jemi 50 million paýnama deň boljak 29,7 göterimlik bölegini satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Şereket Saud Arabystanynyň senagat taýdan ösen El-Jubaýl we Ýanbu-el-Bahr şäherlerinde iş alyp barýar. Şereketiň 70 göterimine “Suudi Aramco”, galan bölegine “Jadwa Investment” maýa goýum kompaniýasy eýeçilik edýär.

Şereketiň paýnamalarynyň birža hödürlenmegi üçin şu ýylyň iýunynda “Citigroup Inc.”, “HSBC Holdings Plc” we “SNB Capital” ýaly maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekilipdi.

Hekimserdar Sädiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.