Hindistanyň häkimiýetleri 22-nji noýabrdan başlap, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli ýurtda girizilen daşary ýurtlular üçin giriş talaplarynyň köpüsini ýatyrdylar. “Mundan beýläk olara uçuşdan öň sanjym maglumatlary bilen baglanyşykly anketany doldurmaklarynyň zerurlygy ýok” diýip, “Times of India” web saýty habar berýär.

“Mundan ozal Hindistana gitmek üçin hasaba alyş işlerinde syýahatçylar ýörite “Air Suvidha” anketasyny dolduryp, onda kowide garşy alnan sanjymlar barada maglumatlary görkezmelidi. Diňe şeýle şert bilen olar uçara münüp bilýärdiler. Bu Hindistana gidýän daşary ýurtlularda kynçylyk döretdi. Şeýlelikde, 22-nji noýabrdan başlap şeýle düzgün ýatyryldy” diýip, neşir ýazýar.

Golaýda ýurduň häkimiýetleri içerki we halkara gatnawlarynda hökmany örtük dakynmak düzgünini hem ýatyrdylar. Rugsat berlen içerki we halkara uçuşlaryň sanyna girizilen çäklendirmeler hem bes edildi.