Katar 2022 Dünýä Kubogynda “E” toparçada Ispaniýanyň ýygyndysy Kosta Rikanyň derwezesinden gol baryny ýagdyrdy. 1-nji ýarymda 3 gol geçiren Ispaniýa 7-0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykyp, Kosta Rikany derbi-dagyn etdi. Ispaniýanyň gollaryny Olmo (11), Asensio (21), F. Torres (31 p, 54), Gawi (74), Soler (90) hem-de Morata (90+2) geçirip, ispanlar 1934-nji ýyldan soň ilkinji gezek 1-nji ýarymda 3 goly derwezä girizdi. Oýnuň 74-nji minutynda tapawutlanan Gawi (18 ýaş 110 gün) Peleden soň Dünýä Kubogynda gol geçiren iň ýaş futbolçy boldy. Ol umumylykda Dünýä Kubogynda gol geçiren iň ýaş 3-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Ondan öňde Pele (17 ýaş 239 gün) bilen meksikaly Manuel Rosas (18 ýaş 93 gün) bar.