Ýokary depginde dowam edýän Katar 2022-de ertir 2-nji aýlawyň duşuşyklaryna badalga berler. Ýagny ýygyndylar 2-nji duşuşyklaryny geçirip başlarlar. Çempionatyň 6-njy gününde hem 4 duşuşyk oýnalar. Şol duşuşyklaryň arasynda iň esasy Angliýa bilen ABŞ-nyň özara duşuşygy bolar.

Olaryň ilkinjisi Uels bilen Eýranyň arasynda bolup, 15:00-da başlajak oýna ekwadory Mario Eskobar eminlik eder. Ahmad bin Ali stadionyndaky oýun olaryň özara 2-nji duşuşygy bolar. Mundan öňki bir duşuşykda Uels 1-0 ýeňipdi.

Günüň 2-nji duşuşygynda 1-nji tapgyrda utulan ýer eýeleri Katar bilen Senegalyň ýygyndylary çempionatda galmak üçin göreşerler. Utulan topar üçin çempionaty dowam etdirmek mümkinçiligi juda az bolar. 18:00-da başlanjak oýunda ispaniýaly Mateu Laos jürlewük çalar. Iki topar ilkinji gezek duşuşar.

Günüň 3-nji duşuşygy Niderlandlar bilen Ekwadoryň arasyndaky oýun bolup, 21:00-da başlajak duşuşyga alžirli Mustafa Gorbal eminlik eder. 3-nji gezek gabatlaşýan ýygyndylaryň öňki duşuşyklarynda Niderlandlar 1 gezek ýeňiş gazandy. 1 oýun hem deňlikde tamamlandy. Ýeňiş gazanan toparyň toparçada 1-nji orny eýelemek mümkinçiligi ýokary bolar.

Katar 2022 Dünýä Kubogynda 6-njy günüň jemleýji duşuşygynda Angliýa bilen ABŞ duşuşar. 00:00-da “Al Bayt” stadionynda oýnaljak duşuşyk olaryň arasyndaky 12-nji duşuşyk bolar. Dünýä Kubogynda 2 gezek duşuşan Angliýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky şol oýunlarda iňlislere ýeňiş gazanmak başartmady (1-0, 1950; 1-1, 2010). Mundan öňki 11 oýunda Angliýa 8, ABŞ 2 gezek ýeňiş gazandy. Iki tarap üçinem aýgytlaýjy hasaplanýan duşuşykda wenesuelaly Hesus Walenzuela jürlewük çalar.

 

15:00 – Uels – Eýran (“B”) – “Ahmad bin Ali” – Al Raýýan

18:00 – Katar – Senegal (“A”) – “Al Thumama” – Doha

21:00 – Niderlandlar – Ekwador (“A”) – “Khalifa International” – Al Raýýan

00:00 – Angliýa – ABŞ (“B”) – “Al Bayt” – Al Hor