2023-nji ýylda Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň gatnaşmagynda Awazada halkara syýahatçylygyň ösdürilmegine bagyşlanan maslahaty geçirmek teklip edildi.
24-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, Hazaryň özboluşly tebigy şertlerini syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirmek we türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ykdysady hem-de syýahatçylyk mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak, ýurdumyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň halkara Konwensiýalara we köptaraplaýyn resminamalara goşulyşmak meselelerini öwrenmek üçin syýahatçylyk ulgamynda daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen çäreleri işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy belledi.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin esasy ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň wekillerini, hünärmenlerini Türkmenistana çagyrmak we olaryň amala aşyrjak saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara syýahatçylygyň ösdürilmegine bagyşlanan maslahaty guramak baradaky teklip öňe sürüldi.
Wise premýer, daşary işler ministri R.Meredow häzirki wagtda ekologik, tebigy we lukmançylyk syýahatçylygynda, medeni syýahat ugurlarynda mümkinçilikleri artdyrmak we olary ulgamlaýyn esasda giňeltmek üçin 2023-nji ýylyň dowamynda bu ugurlar boýunça halkara guramalar we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýörite tejribe alyşmak boýunça geňeşmeleri guramagyň wajypdygyny belledi. Şeýle hem ol Hazar deňzi sebitinde we Merkezi Aziýada halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda döwletara syýahatçylyga wajyp ornuň degişlidigini aýtdy we dünýä bileleşigi tarapyndan 2000-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen Syýahatçylyk arkaly parahatçylygy berkitmek baradaky Amman Jarnamasyna esaslanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ÝUNESKO bilen bilelikde 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda “Syýahatçylyk arkaly parahatçylyk medeniýetini berkitmek” atly sebitleýin forumy geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegiň teklip edilýändigini nygtady.
Syýahatçylyk wizasyny bermek meýilleşdirýär
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ykdysady we maliýe mümkinçiliklerini artdyrmak, migrasiýa, gümrük ugurlarynyň gurallaryny kämilleşdirmek maksady bilen, bu ýerde halkara kadalara laýyklykda ýörite wiza tertibini işläp düzmek we girizmek meselelerini öwrenmek baradaky başlangyç hem öňe sürüldi.
Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzda milli syýahatçylyk ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda dünýäde toplanan tejribeleri içgin öwrenmegiň zerurdygyny belledi we bu ugurda bar bolan meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen, degişli hünärmenleriň ýokary derejede taýýarlanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna jahankeşdeleri işjeň çekmek üçin bu ýerde zerur bolan häzirki zaman düzümleriniň, şol sanda ösen ulag we logistika ulgamynyň döredilmegine üns bermelidigini belledi. Şunda Türkmenbaşynyň Halkara howa hem-de deňiz menzilleriniň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylmalydyr.