Şweýsariýanyň dünýä belli azyk kompaniýasy “Nestle” geljek 10 ýylyň dowamynda Saud Arabystanynda 1,86 milliard dollarlyk maýa goýum özleşdirer.
Saud Arabystany ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen daşary ýurtly maýadarlary çekmek isleýär. Şweýsar kompaniýasy bu ýurtda kofe we çaga iýmitlerini öndürmek üçin jemi 7 milliard riýal maýa goýum özleşdirmegi meýilleşdirýär. “Nestle”-niň wekilleri 2025-nji ýylda zawodyň gurluşygynyň başlanjakdygy we göni we gytaklaýyn 3 müň 500 iş ornunyň dörediljekdigini mälim etdi.
Saud Arabystany 2030-njy ýyla çenli 100 milliard dollarlyk daşarky maýa goýumy çekmegi maksat edinýär. Bu ýurtda maýa goýum goýýan daşary ýurt kompaniýalarynyň köpüsi nebit-gaz pudagynda işleýär.
Annamyrat Motçyýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









