Hytaýyň gündogaryndaky Lunýan şäheriniň golaýynda abat ýagdaýda saklanan dinozawr aýak yzlary tapyldy Paleontologiýa hünärmenleri şeýle gowy ýagdaýda saklanan we giň ýeri eýeleýän dinozawr aýak yzlarynyň dünýäde seýrekdigini mälim etdi. Bu aýak yzlary şol döwürde bu ýerdäki tebigy ýagdaý barada hem maglumat almaga ýardam edýär. Bu ýerde jemi alty dinozawr görnüşine degişli bolan 30-dan gowrak aýak yz tapylypdyr. Bilermenleri munuň san taýdan hem-de gowy saklanmagy babatda seýrek duş gelýändigini belleýärler.
Millionlarça ýyl ozal ýaşap geçen bu jandarlaryň ululy-kiçili ýyrtyjy we ot bilen iýmitlenýän onlarça görnüşi bolupdyr.
Wepa Çaryýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
PDF









