ÝUNESKO Serbiýanyň ýüztutmasy boýunça garalydan ýasalýan içgini Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşmak meselesine garaýar. Guramanyň resminamasynda Belgradyň bu içginiň önümçiligi hem-de taýýarlanyşy boýunça serb milli däpleriniň ykrar edilmegini haýyş edýändigi bellenilýär. Ýatlap geçsek, garalydan taýýarlanýan içgi Gündogar Ýewropanyň ýurtlarynyň köpüsinde milli gymmatlyk hasap edilýär. Bu barada “Euronews.com” saýty ýazýar.

Bu içginiň serb medeniýetinde aýratyn orny barada ýerli sosiolog Iliýa Malowiç şeýle düşündirýär:

-Garaly içgisiniň meşhurlygy onuň taýýarlanýan miwesi bilen baglydyr. Garaly serb taryhynda, etnologiýasynda we gündelik durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Serbler garalydan başga hiç bir miwe bilen şeýle aýrylmaz bagly däldir. Birwagtlar eždatlarymyz jaý gurjak bolanlarynda, ilki garaly agajyny ekipdirler, eger-de ol hasyl getirse, jaý gurup başlapdyrlar, sebäbi olar garaly biten topragy arassa, sagdyn, hatda mukaddes saýypdyrlar.

Belgradyň ýüztutmasy boýunça karar ilki Rabatda her ýyl geçýän Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara geňeşiň maslahatynda kabul edilmeli.