Katarda dowam edýän 22-nji Dünýä Kubogynda “E” toparçada Ispaniýa bilen Germaniýanyň ýygyndylary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýeňiş gazanan bolmady. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýnuň 62-nji minutynda Alwaro Morata hasaby açdy. Bu golda 21 minut soň, has takygy, 83-nji minutda oýna soň goşulan Niklas Füllkrug hasaby deňledi. Galan minutlarda-da iki topara hem hasaby üýtgetmek başartmady. Şeýlelikde, Germaniýanyň ýygyndysy çempionatdaky ilkinji utugyny gazandy.
Toparçadaky beýleki duşuşykda 1-nji oýunda Ispaniýadan 7-0 utulan Kosta Rikanyň ýygyndysy Germaniýany 2-1 ýeňen Ýaponiýany 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Kosta Rikanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 81-nji minutda Keýşer Fuller geçirdi.
Bu netijelerden soň “E” toparçada Ispaniýa 4 utuk bilen 1-nji ýeri eýeleýär. 3 utukly Ýaponiýa 2-nji, Kosta Rika 3-nji basgançakda barýar. 4-nji orundaky Germaniýanyň 1 utugy bar. 4 toparyň hem ýaryşy dowam etmek mümkinçiligi dowam edýär.