Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de dizel ýangyjy, polipropileni we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplügi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 21 million 250 müň dollaryndan gowrak boldy.
Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine bahasy 5 million 506 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 8 million 480 müň manatlyk tehniki kükürt hem-de nebit ýol bitumyny satyn aldylar.