Saud Arabystanynda 2030-njy ýylda 120 million, 2050-nji ýylda 185 million ýolagçy kabul edip biljek ägirt uly howa menziliniň gurulmagy meýilleşdirilýär. Patyşa Salman Halkara Aeroporty atly howa menzili 57 inedördül kilometr meýdany öz içine alar. Bu howa derwezesi ýurduň awiasiýa ýük gatnawynda täze merkez bolmagyna mümkinçilik berer. Şeýle hem täze desga ýurda gelýän syýahatçylaryň sanyny hem artdyrar. Ýurt 2030-njy ýyla çenli 100 milliona jahankeşdäni kabul etmegi meýilleşdirýär.