Katar 2022 Dünýä Kubogynda “B” toparçadaky duşuşyklar hem tamamlanyp, 1/8 finala çykan 2 ýygyndy belli boldy. Tapgyryň iň köp garaşylýan oýnunda ABŞ-nyň ýygyndysy Eýranyň ýygyndysyny 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýundan daşarky atmosfera garanyňda, asuda, parahatçylykly ýagdaýda geçen duşuşygyň ýeke-täk goluny 38-nji minutda Kristian Pulişiç geçirdi. Oýnuň 2-nji ýarymynda azda-kände artykmaçlyk görkezen Eýranyň ýygyndysyna hasaby deňlemek başarmady. Aslynda olara bu duşuşykda deňme-deňlik hem taryhlarynda ilkinji gezek 1/8 finala çykmaklary üçin ýeterlikdi. ABŞ-nyň ýygyndysy 6-njy gezek 2-nji tapgyra çykmagy başardy.
Toparçadaky beýleki duşuşykda Britan adasynyň 2 wekiliniň özara 103-nji duşuşygynda Angliýanyň ýygyndysy 68-nji gezek Uelsi ýeňlişe sezewar etdi. 3-0 hasabynda ýeňiş gazanan Angliýanyň gollaryny 2-nji ýarymda, 50-nji we 68-nji minutlarda Markus Reşfor, 51-nji minutda-da Fil Foden derwezä girizdi. Reşfordyň geçiren 2-nji goly Angliýanyň Dünýä Kubogy ýaryşlaryndaky 100-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Şeýlelikde, Angliýanyň ýygyndysy 13-nji gezek 2-nji tapgyrda çykyş eder. Uelsiň ýygyndysy bolsa 64 ýyldan soň gatnaşan 2-nji Dünýä Kubogynda toparçalardaky duşuşyklaryny tamamlap, yzyna dolanmaly boldy.