Hytaýyň ýerli ýolagçy uçary önümçilik üçin gerek bolan degişli resminamany aldy. Birnäçe ýyldan bäri işlenip taýýarlanýan C919 atly uçar häzire çenli birnäçe synagdan geçirilipdi. Ýurduň raýat awiasiýasy edarasy (CAAC) howa gämisiniň köpçülikleýin önümçilige başlamagyna rugsat berdi. Orta aralyga uçmaga niýetlenen C919 şu ýylyň maý aýynda ilkinji synag uçuşyny amala aşyrypdy. 30-njy sentýabrda bolsa howa gämisi hökmünde degişli rugsatnamany alypdy.
“Boeing 737” we “Airbus 320” ýolagçy uçarlary bilen bäsdeş boljak bir koridorly howa gämisiniň ilkinjileri “China Eastern” awiakompaniýasyna gowşurylar. Bu kompaniýa 2021-nji ýylyň mart aýynda her bir uçary 99 million dollara satyn almak üçin şertnama baglaşypdy. Kompaniýa bu uçary ýurduň içerki gatnawlarynda peýdalanmagy meýilleşdirýär. awiasiýada orta aralyga uçýan uçarlar iň islegli howa gämileri hasaplanýar.
Arslan Seýdulaýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
PDF









