Hindistanyň Puna şäherinde kuraş boýunça geçirilen 13-nji dünýä çempionatynda türkmenistanly zenan türgenleriň üçüsi baýrakly orunlara eýe boldy. Olaryň biri dünýäniň wise-çempiony bolan bolsa, iki türgenimiz hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
Milli ýygyndymyzyň kümüş medalyny Çärjew etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýşirin Haýdarowa eýeledi. Ol 48 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden rüstem çykmagy başardy. Final tutluşygyna çenli üstünlikli çykyş eden, diňe finaldaky garşydaşyndan ýeňlen türgenimiz kümüş medala we «Dünýäniň wise-çempiony» diýen belent ada mynasyp boldy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Aziza Gurbanowa 78 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşlara goşuldy. Ukyp-başarnygyny nobatdaky gezek halkara derejede ykrar etdiren ildeşimiz güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden üstün çykyp, bürünç medalyň eýesi boldy.
Edil şeýle üstünligi Lebap welaýatyndan tälimçi mugallym Aýnur Amanowa hem gazandy. Ol 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
61 döwletden 178 türgeni özünde jemlän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy toparlaýyn hasapda ilkinji dörtlüge düşmegi başardy.