Ha­za­ryň türk­men bö­le­gin­de dynç al­şy we sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­ler bar. Te­bi­ga­tyň bu gözel kün­je­ginde my­la­ýym ho­wa şert­le­ri­, mi­ne­ral­ly, pal­çyk çeş­me­le­ri we uza­lyp gid­ýän al­tyn öwüş­gin­li-çä­ge­söw de­ňiz ke­nar­la­ry­, tä­sin de­ňiz peý­zaž­la­ry­, bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan suw-bat­ga­lyk ýer­le­r bar.
«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi bi­len bu kün­je­ge da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň gy­zyk­lan­ma­sy has-da art­dy. Hä­zir­ki wagt­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da bir wag­tyň özün­de dynç al­ýan­la­ryň müň­ler­çe­si­ni ka­bul et­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bo­lan myh­man­ha­na­lar, dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri, şol san­da ça­ga­lar üçin dynç alyş mer­kez­le­ri hem-de kot­tej­ler top­lum­la­ry he­re­ket ed­ýär.

Oýun att­rak­si­on­ly se­ýil­gäh­ler hem ça­ga­la­ryň iň bir ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň bi­ri­dir.
«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da dö­re­di­len teatr­laş­dy­ry­lan de­ňiz suw çüw­dü­rim­le­ri, am­fi­teatr­lar, ça­ga­lar üçin att­rak­si­on­ly oýun meý­dan­ça­la­ry, bir­nä­çe ka­fe­ler, gök zo­lak­lar, teh­ni­ki des­ga­la­ry öz içi­ne al­ýan se­ýil­gäh­ler bu ýe­re dynç al­ma­ga gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň hem-de şä­he­riň ila­ty­nyň iň söý­gü­li ýe­ri­ne öw­rül­di.
Ýah­ta­lar, ga­ýyk­lar, ka­ter­ler, ka­ta­ma­ran­lar, suw pa­raş­ýut­la­ry dynç al­ýan­lar üçin hö­dür­len­ýän hyz­mat­la­ryň ýe­ne bir bö­le­gidir. Sport top­lum­la­ry, ten­nis meý­dan­ça­la­ry, suw ho­wuz­la­ry, at­ üs­tün­däki ge­ze­lenç­ler, att­rak­si­on­lar, dis­kok­lub­lar, res­to­ran­lar, mi­ni ka­fe­ler – bu­la­ryň hem­me­si ma­wy de­ňiz, gül­le­ýän ýaý­la hem-de de­pe­ler bi­len bi­le­lik­de ut­ga­şyp, aý­ra­tyn bir öz­bo­luş­ly gö­zel­li­gi dö­red­ýär. Däp bo­lan myh­man­sö­ýer­lik hem-de hyz­ma­tyň ýo­ka­ry de­re­je­si, amat­ly eko­lo­gi­ýa şert­le­ri, aras­sa de­ňiz su­wy Awa­za­nyň öz­bo­luş­ly­ly­gy­nyň üs­tü­ni ýe­tir­ýär.
Ýa­kyn­da bu aja­ýyp kün­je­giň äh­li ba­bat­da has-da ös­dü­ril­me­gi­ne de­giş­li mö­hüm mas­la­hat ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Milli Ge­ňe­şi­niň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Bal­kan we­la­ýa­tyn­da iş sa­pa­ryn­da bol­ma­gy­nyň çäk­le­rin­de Mil­li Ge­ňe­şiň, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­nyň, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň hem-de mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di.
On­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, se­bi­tiň üs­ta­şyr ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, Ha­za­ryň öz­bo­luş­ly te­bi­gy şert­le­ri­ni sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­dir­mek we türk­men top­ra­gy­nyň bu tä­sin kün­je­gi­niň eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Awa­za­nyň çä­gi­ni gi­ňelt­mek, sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp bar­ly­şy­ny çalt­lan­dyr­mak, bu ýer­de ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li dynç al­şy­ny üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­niň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy bu iş­le­riň ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li bol­jak­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­di.
2023-nji ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň we­kil­le­ri­ni, hü­när­men­le­ri­ni Türk­me­nis­ta­na ça­gyr­mak we ola­ryň ama­la aşyr­jak sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne ba­gyş­la­nan mas­la­ha­ty gu­ra­mak ba­ra­da­ky tek­lip, şo­nuň ýa­ly-da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň yk­dy­sa­dy we ma­li­ýe müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak, mig­ra­si­ýa, güm­rük ugur­la­ry­nyň gu­ral­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, bu ýer­de hal­ka­ra ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da ýö­ri­te wi­za ter­ti­bi­ni iş­läp düz­mek we gi­riz­mek me­se­le­le­ri­ni öw­ren­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç öňe sü­rül­di.
Geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy taý­dan mö­hüm mer­kez­le­riň bi­ri­ne öw­rül­ýän Ha­zar se­bi­tin­de hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän sy­ýa­sa­tyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de kes­git­le­nil­di. Bu ugur­da Türk­me­nis­tan­da dün­ýä­niň ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my­na saz­la­şyk­ly go­şu­lyş­ma­ga ukyp­ly iri dü­züm­ler ke­ma­la gel­ýär. Ha­zar deň­zi­ni ösen dü­züm­li, iri hal­ka­ra ulag mer­ke­zi­ne öwür­mek ba­bat­da giň ta­gal­la­lar edil­ýär.
Umu­man, ga­dy­my türk­men top­ra­gyn­da sy­ýa­hat­çy­ly­gyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça ün­sü­ňi çek­ýän, ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir gal­dyr­ýan kün­jek­ler nä­çe diý­seň bar. Şo­la­ryň bi­ri hem go­ja­man Ha­za­ryň bo­ýun­da­ky «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­dyr. Awa­za­da te­bi­ga­tyň hem yn­san aňy­nyň eme­le ge­ti­ren tä­sin­lik­le­ri saz­laş­ýar. Ol bu gün Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da dö­rän, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň iň gö­zel ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da bi­na bo­lan Awa­za yn­san öm­rü­niň uza­ma­gy­na tä­sir ed­ýän aja­ýyp­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän me­kan­dyr. «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň keş­bi özü­niň owa­dan­ly­gy bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýan bol­sa, onuň şy­pa be­ri­ji ho­wa­sy­nyň sag­ly­gy ber­kit­mek­de, hat­da kä­bir ke­sel­le­ri be­jer­mek­de tä­si­ri ulu­dyr.

Aý­na­gö­zel RE­JEP­GU­LY­ÝE­WA,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.