Täze tehnologiýasyny tanyşdyrdy

127

Ýa­po­ni­ýa­nyň “Hon­da” kom­pa­ni­ýa­sy 2024-nji ýyl­dan baş­lap, glo­bal de­re­je­de sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak ulag­la­ryn­da “Sen­sing 360” hem-de “Sen­sing Eli­te” howp­suz­lyk buk­ja­la­ry­ny gi­ri­zer. Bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň ne­ti­je­sin­de ulag has aw­to­mat­laş­dy­ry­lyp, sü­rü­ji­niň işi­ni ýe­ňil­leş­di­rer, howp­suz­ly­gy art­dy­rar. Teh­no­lo­gi­ýa bel­li bir de­re­je­de sü­rü­ji­niň eli­ni goý­be­rip ula­gy do­lan­dyr­ma­gy­na hem müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le ýag­daý­da ula­gyň tiz­li­gi, ge­rek­li ýe­rin­de tog­ta­ma­gy ula­gyň aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­ga­my ta­ra­pyn­dan do­lan­dy­ryl­ýar. Şeý­le hem teh­no­lo­gi­ýa haý­sy­dyr bir se­bäp bi­len ula­gy do­lan­dyr­mak uky­by­ny ýi­ti­ren sü­rü­jä hem ýar­dam ed­ýär. Şeý­le ýag­daý­da howp­suz­lyk ul­ga­my ka­me­ra ar­ka­ly sü­rü­ji­niň he­re­ke­ti­ni bar­la­ýar. Ge­rek bo­lan ha­la­tyn­da tiz­li­gi­ni pe­sel­dip, sü­rü­jä ses­li duý­du­ryş ber­ýär. Bu ýag­daý­da ula­gyň da­şyn­da­ky çy­ra­lar ar­ka­ly hem beý­le­ki sü­rü­ji­le­re duý­du­ryş be­ril­ýär we ulag tog­ta­ýar.
Şeý­le hem bu ulag­da ga­py açyl­jak wag­ty yz­dan gel­ýän baş­ga ulag, we­lo­si­ped­li ýa-da py­ýa­da bar bol­sa, onuň gel­ýän­di­gi­ni duý­dur­ýar. Mun­dan baş­ga-da ula­gyň öňün­den çy­kyp bil­jek päs­gel­çi­lik­ler ba­ra­da hem duý­du­ryl­ýar.

Han Ata­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by