Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de ös­me­gi üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat dö­re­di­lip, ýur­du­my­zyň dur­muş ul­ga­my yzy­gi­der­li öz­ger­ýär. Ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny we iş üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, şu ýy­lyň 17-27-nji de­kab­ry ara­ly­gyn­da «Ilat ýa­zu­wy – 2022: Je­bis­lik, Bag­ty­ýar­lyk, Röw­şen gel­jek!» şy­ga­ry bi­len ýur­du­myz­da ila­tyň we ýa­şa­ýyş jaý go­ru­nyň uç­dan­tut­ma ýa­zu­wy ge­çi­ri­ler.

De­kabr aýyn­da ge­çi­ril­jek ila­tyň we ýa­şa­ýyş jaý go­ru­nyň uç­dan­tut­ma ýa­zu­wy­nyň baş mak­sa­dy ila­tyň de­mog­ra­fik dü­zü­mi hem-de ýur­du­myz­da ra­ýat­la­ryň dur­muş-yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy ba­ra­da­ky anyk mag­lu­mat­la­ry al­mak­dan yba­rat bo­lup, şol bir wag­tyň özün­de, me­ýil­leş­di­ril­ýän bu mö­hüm çä­re Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň 2015-nji ýyl­da ka­bul edi­len Ka­ra­ry­nyň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýär. Bu bol­sa ýur­du­myz bi­len BMG-niň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň ýe­ne bir aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Ilat ýa­zu­wy­nyň sta­tis­ti­ki mag­lu­mat­la­ry ýur­duň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne ba­ha ber­mek­de has yg­ty­bar­ly çeş­me­dir. Ilat ýa­zu­wy ba­bat­da­ky mag­lu­mat­lar zäh­met we ýa­şa­ýyş jaý ba­zar­la­ry­ny me­ýil­leş­dir­mek­de, býu­jet düz­mek­de, ulag, gur­lu­şyk, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, dur­muş üp­jün­çi­li­gi, sag­lyk, ylym-bi­lim, şeý­le-de bir­nä­çe ugur­lar bo­ýun­ça ta­kyk me­ýil­leş­dir­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ilat ýa­zu­wy esa­syn­da dü­zü­len mag­lu­mat­lar gel­jek­de se­bi­te tä­ze ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mä­ge giň ýol aç­ar. Bu bol­sa se­bit­ler­de goş­ma­ça iş ýer­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne we ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga, dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, köp ça­ga­ly maş­ga­la­la­ra döw­let gol­da­wy­ny ber­mä­ge, ýa­şa­ýyş jaý üp­jün­çi­li­gi­ni has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga, agyz su­wy, elekt­rik ener­gi­ýa­sy, te­bi­gy gaz, aw­to­mo­bil ýol­la­ry we beý­le­ki ze­rur bo­lan dur­muş amat­lyk­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ma­ga uly ýar­dam ed­ýär.
Ilat ýa­zu­wy do­lan­dy­ryş-çäk gur­lu­şy­na la­ýyk­lyk­da, tu­tuş ýur­duň, we­la­ýat­la­ryň, et­rap­la­ryň we her ýa­şal­ýan ýe­riň ila­ty­ny ha­sa­ba al­mak­dyr. Ilat ýa­zu­wy­nyň ne­ti­je­sin­de, ilat sa­nyn­dan baş­ga-da, ýur­duň döw­let dur­mu­şyn­da ze­rur bo­lan mag­lu­mat­la­ry, ýag­ny ila­tyň de­mog­ra­fik, ge­og­ra­fik, et­no-me­de­ni, yk­dy­sa­dy aý­ra­tyn­lyk­la­ry, ila­tyň sag­lyk ýag­da­ýy, ýa­şa­ýyş şert­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat­lar ýyg­nal­ýar. Ilat ýa­zu­wy ýö­ri­te taý­ýar­la­nan iş­gär­ler ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­ler we so­wal­na­ma­lar plan­şet­ler ar­ka­ly dol­du­ry­lar. Şu ilat ýa­zu­wy Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji san­ly ýa­zuw bo­lar.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de uly öz­ge­riş­ler bo­lup geç­ýär, be­ýik ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de ama­la aşy­ryl­ýan şeý­le öz­gert­me­le­riň esa­sy mak­sa­dy bol­sa Wa­ta­ny­my­zy ila­tyň ýo­ka­ry ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni üp­jün ed­ýän ösen yk­dy­sa­dy­ýet­li ýur­da öwür­mek­den yba­rat­dyr.
Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, ilat ýa­zu­wy Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da stra­te­gik me­ýil­na­ma­la­r­dyr mak­sat­na­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­ga, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň ama­la aşy­ry­ly­şyn­da­ky öňe­gi­diş­lik­le­ri kes­git­le­mä­ge ýar­dam et­jek mag­lu­mat­la­ry dö­ret­mä­ge, ýaý­rat­ma­ga we ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen baş şy­ga­ry as­tyn­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­na we ýur­du­my­zyň kuw­wa­ty­nyň has-da art­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Şu ýyl­ky ilat ýa­zu­wy­nyň aý­ra­tyn­ly­gy so­raş­malaryň elekt­ron gö­te­ri­ji­le­riň (plan­şet­le­riň) kö­me­gi ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän­di­gin­de­dir. On­da «Aý­dyň gi­je­ler» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len plan­şet­le­riň 14 mü­ňü­si peý­da­la­ny­lar. Bu bol­sa hal­ky­my­zyň san­ly ul­ga­ma bo­lan dün­ýä­ga­raý­şy­nyň gi­ňel­me­gin­de mö­hüm ädim bo­lar.

Gul­gel­di PA­ŞY­ÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.