Hyz­ma­ta hö­dür­le­ne­ni­ne 2-3 ýyl bo­lan in­ter­net ara­gat­na­şy­gy­nyň 5-nji nes­lin­den peý­da­lan­ýan­la­ryň sa­ny­nyň şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 1 mil­li­ar­da ýet­jek­di­gi mä­lim edil­di. Dür­li ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän “Ericsson” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň taý­ýar­lan ha­sa­ba­ty­na gö­rä, dün­ýä­de 1 mil­liard abu­na­çy­nyň 5G-den peý­da­lan­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 5G inf­rast­ruk­tu­ra­sy De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka ýurt­la­ryn­da has ýaý­ran. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, bu se­bit­dä­ki abo­nent­le­riň 35 gö­te­ri­mi ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 5G hyz­ma­tyn­da peý­da­la­nar. Dün­ýä­de 4G ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny bol­sa 5 mil­li­ar­da ýe­tip­dir.
“Ericsson”-yň taý­ýar­lan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, glo­bal de­re­je­de ara­gat­na­şyk ope­ra­tor­la­ry­nyň 25 gö­te­ri­mi 5G üçin ula­ny­jy­lar­dan goş­ma­ça tö­leg ta­lap ed­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de 5G abu­na­çy­la­ry­nyň sa­ny­nyň 870 mil­lio­na ýe­ten­di­gi mä­lim edil­di. Şu ýy­lyň iýul-sent­ýabr aý­la­ryn­da 110 mil­li­on tä­ze 5G abu­na­çy­sy peý­da bo­lup­dyr.

2028-nji ýy­la çen­li 5G-niň dün­ýä­dä­ki abu­na­çy­la­ry­nyň sa­ny 5 mil­li­ar­da ýe­ter. Şol ýyl äh­li abu­na­çy­la­ryň sa­ny 9,2 mil­liard­dan ge­çer.

Ys­lam­ber­di Tyl­la­nu­row, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my