5 – 16-njy dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagtynda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýygyndy topary Stambulyň üsti bilen Bogota ugrady. Bu çempionat erkekleriň arasynda 87-nji we zenanlaryň arasynda 30-njy ýaryş bolar.

Dünýä çempionatyny Hytaýyň Çunsin şäherinde geçirmek meýilleşdirilipdi, ýöne 2022-nji ýylyň martynda pandemiýa sebäpli, Hytaý ýaryşlary geçirmekden ýüz öwürdi. Halkara Agyr atletika federasiýasy (IWF) ýaryşyň geçiriljek täze ýerini 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde yglan etdi.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine 11 adam, şol sanda 7 türgen girdi.

Ýaryşda Türkmenistana 6 erkek türgen: Bunýad Raşidow (67 kilograma çenli agram derejede), Maksat Meredow (73 kilograma çenli), 2017-nji ýylyň dünýä wise-çempiony Rejepbaý Rejepow (81 kilograma çenli), Şatlyk Şöhradow, Şahzadbek Mätýakubow (ikisi-de 89 kilograma çenli) we Döwranbeg Hasanbaýew (102 kilograma çenli) wekilçilik eder.

Zenanlar toparynyň düzüminde gyzlaryň (17 ýaşa çenli) we ýetginjek gyzlaryň (20 ýaşa çenli) arasynda 16 ýaşly Aziýanyň wise-çempiony Anamjan Rustamowa ýaryş meýdançasyna çykar. Munuň özi onuň üçin ulularyň dünýä çempionatynda ilkinji çykyşy bolar.

Bogota şäherindäki dünýä çempionaty agyr atletikaçylar üçin 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk almak ugrundaky ilkinji saýlama ýaryşy bolar. Oňa 2022-nji ýylyň martynda IWF tarapyndan agzalygy wagtlaýyn togtadylan Russiýadan we Belarusdan başga 110-dan gowrak ýurtlardan 695 (359 erkek we 336 zenan) türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. 2022-nji ýylyň oktýabrynda KHDR hem dünýä çempionatyna gatnaşdyrylmady. 24-nji noýabrda bolsa Pakistanyň we Malaýziýanyň ştangaçylary DÇ-2022-ä gatnaşmajakdyklaryny aýtdylar.

Bu barada “www.turkmenistan.gov.tm” saýty habar berýär.