Dina Boluarte 7-nji dekabrda Peruwyň täze Prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Bu ozalky Prezident Pedro Kastilo işinden çekilenden soň bolup geçdi.

Dina Boluarte kasam kabul ediş dabarasynda ähli syýasy güýçleriň wekillerini öz içine alýan hökümet döretmegiň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutany hökmünde ýurda eden ilkinji ýüzlenmesi Perunyň Kongresiniň web sahypasynda ýaýlyma berildi.

33 milliondan gowrak ilaty bolan Peru Respublikasy Günorta Amerikadaky ýurtlaryň biridir. Demirgazyk-günbatarda Ekwador, demirgazykda Kolumbiýa, gündogarda Braziliýa, günorta-gündogarda Boliwiýa we Çili bilen serhetleşýär. Ýurduň günbataryny Ýuwaş ummany ýuwýar. Peru Günorta Amerikada üçünji uly (Braziliýa we Argentinadan soň) ýurtdur.