Ýewropa Bileleşigi ýurtlary Horwatiýany Şengen sebitine goşmak barada ylalaşdylar. Bu barada sosial ulgamdaky sahypasynda ýurduň Premýer-ministri Andreý Plenkowiç habar berdi.

-Horwatiýa Ýewropa Parlamenti tarapyndan içerki işler we adalat meselesi boýunça biragyzdan goldaw aldy – 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Şengen şertnamasynyň agzasy bolýarys – diýip ýazdy.

10-njy noýabrda Ýewropa Parlamenti Horwatiýanyň Şengen sebitine girmegini tassyklady. Degişli karar 534 ses bilen tassyklandy, 53 agza garşy ses berdi, ýene 25 adam saklandy. Ýewropa parlamenti Horwatiýanyň 2021-nji ýylyň dekabrynda Şengen sebitine goşulmak üçin zerur şertleri ýerine ýetirendigini ýatlatdy.

Häzirki wagtda Şengen sebiti 26 döwleti öz içine alýar. Mundan öň, Ýewropa Parlamentiniň wekilleri Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşini Bolgariýanyň we Rumyniýanyň Şengen zolagyna girmek baradaky kararyny çalt tassyklamaga çagyrypdy.