Dünýäniň iň haýal jandarlarynyň biri bolan pyşdyllar uzak ýaşamagy bilenem tapawutlanýar. Ýakynda Keramatly Ýelena adasynda ýaşaýan seýşelli Jonatan atly pyşdylyň 190 ýaşandygy habar berildi. Doglan güni mynasybetli goja pyşdyla işdäaçar torty hödür edilip, üç günlük baýramçylyk bellenildi.
Jonatanyň ýaşyny hiç kim anyk bilmeýär. Bu pyşdyl 1882-nji ýylda Keramatly Ýelena adasynyň şol wagtky gubernatory Sir Uilýam Greý-Wilsona sowgat berilýär. Tebigaty öwrenijiler Jonatanyň Seýşel adalarynda 1832-nji ýylda doglandygyny we bu adada onuň 50 ýyl töweregi ýaşandygyny belleýärler. Keramatly Ýelena adasynyň häzirki gubernatory Niger Filips Jonatanyň doglan gününi resmi taýdan 4-nji dekabr diýip belledi.
Jonatan Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda dünýäniň iň gadymy gury ýer jandary diýen orny eýeleýär. Seýşel adasy uzak ýaşaýan pyşdyllary bilen tanalýar. Keramatly Ýelena adasy kiçiräk ýer bölegi bolup, bary-ýogy 4500 ýaşaýjysy bar. Adanyň ähli ýaşaýjylary tebigatyň ýyldyz jandary – Jonatany gowy görýärler. Adanyň teňňelerinde we birnäçe markasynda Jonatanyň keşbi şekillendirilen. Jonatan dünýäniň köp ösüş-özgerişini başdan geçiren jandar. Entek internet, kompýuter, telewizor, telefon, elektrik hereketlendirijiler, plastmassa önümçiligi ýok mahaly hem ýaşap ýördi. Häzirki wagtda syýahatçylaryň köpüsi Keramatly Ýelena adasyna goja pyşdyly görmek we iýmitlendirmek üçin barýarlar.