Katar 2022-de çärýek finalyň soňky duşuşygynda çempion Fransiýa bilen futbolyň watany Angliýa duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda Fransiýa 2-1 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. 17-nji minutda Tçuameniniň uzakdan uran batly urgusy bilen hasap fransuzlaryň peýdasyna 1-0 boldy. 2-nji ýarymda, 54-nji minutda Harri Keýn penaltini dürs urup, milli topardaky 53-nji goluny geçirip, Weýn Runiniň rekordyna şärik boldy. Duşuşygyň 78-nji minutynda Grizmannyň ajaýyp pasyndan soň ezber hüjümçi Oliwie Žiru şu çempionatdaky 4-nji goluny geçirdi. Duşuşygyň 84-nji minutynda Harri Keýne hasaby deňlemäge hemde 30 minut öň şärik bolan rekordyny öz adyna geçirmäge mümkinçilik döredi. Ýöne ýyldyz oýunçynyň bu gezekki urgusy klubdaşy Llorisiň goraýan derwezesiniň ýokarysyndan meýdançanyň daşyna gitdi. Keýn XXI asyrda Dünýä Kubogynda bir oýunda bir penaltini dürs urup, birini-de dürs urup bilmedik ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Şunlukda, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan Fransiýanyň ýygyndysy yzly-yzyna 2-nji, umumylykda-da 7-nji gezek ýarym finala çykmagy başardy. Angliýanyň ýygyndysy bolsa Dünýä Kubogynyň çäginde 7-nji sapar çärýek finaldan yzyna gaýdyp, bu görkeziji antirekorda deňdir. Angliýanyň ýygyndysy soňky 56 ýyly kuboksyz tamamlarlar. Angliýanyň ýygyndysy soňky 24 ýylda Fransiýa bilen 9-njy gezek duşuşyp, şolarda diňe 1 gezek ýeňiş gazandy.
Hugo Llorisiň 143-nji gezek Fransiýanyň ýygyndysynda çykyş edip, Lilian Turamyň rekordyny goýan duşuşygynda Didie Deşam Dünýä Kubogyndaky 13-nji ýeňşini gazandy (17 oýun). Ondan öňde Felipe Skolari (14) bilen Helmut Şön (16) öňde barýar. Fransiýanyň ýygyndysy soňky 24 ýylda çempion hökmünde ýarym finala çykan ilkinji ýygyndy boldy.
Ýarym finalda Marokko bilen Fransiýanyň ýygyndylary duşuşarlar. Duşuşyk 14-nji dekabrda 00:00-da başlar.