Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat sebitde iri ylalaşdyryjy, işewürlik we medeni merkez hökmünde ýörite derejä eýe bolup, möhüm syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni çäreleriň, dürli duşuşyklaryň, simpoziumlaryň we forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ak mermere beslenen paýtagtymyzyň halkara abraýy has-da belende galýar. Ýene-de sanlyja aýlardan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň gözel paýtagtymyzda geçirilýändigi hem munuň aýdyň şaýadydyr.
Paýtagtymyzda yzygider gurulýan özüne çekiji beýik binalar, kaşaň ymaratlar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary aşgabatlylaryň eşretli durmuşyna gönükdirilendir. Gurulýan we gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş edaralary, stadionlar we beýleki sport desgalary hem-de iri kärhanalar toplumy, Olimpiýa şäherjiginiň, Medeniýet şäherçesiniň gurulmagy paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň düýpli özgermegine getirdi. Şu ýerde ýörite bellemeli zat – gurulýan jaýlaryň gurluş hiline, ýerleşdirilişine, ýöriteleşdirilişine, kaşaňlygyna, milliligine hem aýratyn ähmiýet berilýänligidir.
Baş şäherimizde gurulýan binalaryň we desgalaryň birnäçesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi hem bu aýdylanlary tassyklaýar. Olardan “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň, gelimi-gidimi egsilmeýän, ulynyň-kiçiniň söýgüli ýerine öwrülen “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň, “Bagt” köşgüniň binalaryny ýatlap geçmek ýeterlikdir.
Aşgabatlylaryň, ähli halkymyzyň başyny göge ýetiren ýene-de bir buýsançly waka – bu tutuş Aşgabadyň dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi boldy. Bu buýsançly habary 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Köpetdagy alkymlap oturan Maslahatlar köşgünde Aşgabada ýörite gelen Ginnesiň rekordlar kitabynyň baş redaktory Kreýs Glendeý habar berip, bu baradaky şahadatnamany dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimize gowşurdy. Bu binalardan başga-da, şäherimiziň görnükli ýerinde al-asmana galdyrylan, möçberi 52,5 we 35 metr bolan döwlet Baýdagymyz, paýtagtymyzyň halkara howa menziline barýan şaýoluň çatrygynda ýerleşdirilen monumental suw çüwdürimler toplumy, bu täsin ýerde oturdylan şöhratly nesilbaşymyz Oguz hanyň we onuň alty oglunyň bürünç heýkelleri hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbiniň täze bagtyýarlyk eýýamynyň belent derejelerine hem talaplaryna doly laýyk gelmelidigini, bu babatda ähli hil görkezijileriniň göz öňünde tutulmalydygyny, şäheriň abadançylygyny üpjün etmegiň zerurdygyny yzygiderli nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň şol talaplaryndan ugur alnyp, paýtagtymyzyň ilatynyň ýaşaýan, işleýän, dynç alýan ýerleri, edara, okuw, jemgyýetçilik jaýlary, seýilgähleri we beýleki gelim-gidimli ýerleri tämiz saklanýar.
Resmi maglumatlaryň habar bermegine görä, 1881-nji ýylda Aşgabat obasynyň ýerinde harby berkitme gurlup başlanmagy bilen şäheriň düýbi tutulýar.
Aşgabadyň köçelerini ilkinji gezek yşyklandyryp başlamak iň sada, iň ýönekeý usullar bilen 1883-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrlarynda ýola goýlup, şonda bary-ýogy 25 sany çyra ýakylypdyr. 1890-njy ýylda Aşgabatdaky köçeleriň jemi uzynlygy 16 km-e ýetip, onuň ugrunda asylan çyralaryň sany 246-a ýetýär.
Şol seneden göni ýüz ýyl geçenden soň, ýurdumyzyň öz şöhratly Garaşsyzlygyny almagynyň öň ýanynda, ýagny 1990-njy ýylda Aşgabadyň köçelerini, meýdanlaryny, seýilgählerini takmynan 21 müňe golaý elektrik çyrajyklary yşyklandyrypdyr, baýramçylyk günlerinde olaryň üstüne ýene-de 8,5 müňe golaý dürli reňkli, dürli görnüşli çyrajyklar goşulypdyr.
Aşgabadyň agşamlary yşyklardan emele gelen äpet ummany ýada salýar. Häzirki döwürde şäherimiziň agşamlarydyr gijelerini dürli-dürli öwüşginde şuglalandyryp duran dürli görnüşli, kysymly, möçberli, reňkli çyralar kalbyňy galkyndyryp, hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak duýgularyňy oýarýar. Her bir öýde, her bir maşgalada owadan lýustralardan sozulyp çykýan şöhleler otaglaryň içini gündizlige öwürýär. Yşyklar gaýnap-joşýan şäher durmuşynyň ähli ugurlaryna ýagtylyk, ýalkym saçýarlar. Yşyk, ýagtylyk – bu durmuşymyzda diňe bir örän möhüm zat bolman, ol gözelligi şöhlelendirýän keramat, has dogrusy, gözelligiň özüdir.
Aşgabatda geçiriljek Aziada görülýän taýýarlygyň barşynda paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde abatlaýyş, bezeg işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Diýmek, şol şanly waka çenli ak mermer paýtagtymyzy hasam gözel görke girer. Munuň üçin bagtyýar raýatlarymyz, minnetdar aşgabatlylar milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işlerinde uly rowaçlyklar arzuw edýärler!
Oguljan Poladowa,
taryh ylymlarynyň kandidaty.