Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň döwrebap senagatlaşmagyna, senagat pudaklarynyň häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilmegine, netijeli dolandyrylmagyna yzygiderli üns berýär.
Ine, ýakynda hormatly Prezidentimiziň we Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň gündogar sebitinde, ummasyz tebigy baýlyklary goýnunda gizläp ýatan gadymy Köýtendagyň eteginde halkara hyzmatdaşlygynyň nusgalyk miweleriniň biri bolan ägirt uly senagat kärhanasynyň ulanmaga berilmegi bu tagallalaryň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda we tutuş Merkezi Aziýa sebitinde iri kaliý duzlarynyň ýataklaryny özleşdirmek boýunça ilkinji dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy möçberi we ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk maýa goýum taslamasydyr.
Geologiýa barlaglarynyň maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk käninde çig kaliý duzlarynyň gorlary 2 milliard tonnadan gowrakdyr. Bu ýerde ägirt uly senagat merkezi emele gelip, milli ykdysadyýetimiz üçin täze bolan dag-magdan senagatyny döretmäge girişildi. Bu käniň işlenip taýýarlanylmagy we onuň çäginde kaliý duzlaryny çykarmak hem-de baýlaşdyrmak boýunça kärhananyň gurulmagy önümiň bu görnüşini eksport etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açdy. 100 gektardan gowrak meýdany bolan bu toplumy taslama kuwwatyna çykarmak üçin ýylda 7 million tonnadan gowrak magdan çykarmak we gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar. Geljekde senagat toplumy oba hojalyk pudagyny ekologiýa taýdan arassa kaliý dökünleri bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, her ýylda bu gymmatly önümiň 1 million tonnadan gowragyny eksport etmäge-de mümkinçilik berer.
Baý çig mal serişdeleriniň bolmagy Türkmenistana ýody, bromy we beýleki himiýa önümleriniň köp görnüşlerini öndürýän iri ýurtlaryň hataryna goşulmaga mümkinçilik döredýär. Milli senagatyň täze mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen önümçilik desgalaryny gurmak boýunça birnäçe täze desgalar bina edilýär. Gyýanly şäherçesinde tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gaz-himiýa toplumynyň gurluşygy şeýle taslamalaryň biridir. Bu taslama Ýaponiýanyň “Toyo Engineering” bilen “LG International Сorparation” we “Hyundai Engineering Сorp. Ltd” (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Desganyň umumy bahasy ABŞ-nyň 3,4 milliard dollaryna deňdir.
Täze önümçilik düzümleriniň işe girizilmegi milli ykdysadyýetimizi çalt depginlerde senagatlaşdyrmak boýunça meseleleri üstünlikli çözmäge wajyp goşant goşar. Şolaryň biri hem Ahal welaýatynyň çäginde gurulýan tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa benzin öndürjek zawoddyr. Bu zawod dünýä boýunça täze önümçiligiň başyny başlar. Umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna barabar bolan bu taslamany “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd” we Türkiýäniň “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanai ve Ticaret A.Ş.” kompaniýalar konsorsiumy durmuşa geçirýär. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň, şol sanda Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň täze enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilýän bu toplum her ýylda 1 milliard 785 million kub metr gazy gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Kärhanada Euro-5 standarty boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 görnüşli benziniň bir gije-gündiziň dowamynda 1800 tonnasy, ýylda 600 müň tonnasy öndürilip, bu arzyly önüm içerki islegi kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, halkara bazarlaryna hem çykarylar. Toplumda ýylda 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz hem öndüriler. Merdana halkymyzyň abadançylygyna, bolelin durmuşyna gönükdirilen bu uly tutumly işler Arkadag Prezidentimiziň bimöçber aladalaryndan gözbaş alandyr.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
Züleýha Orazowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.