ABŞ-nyň Aýa adam gatnawyny ýola goýmak maksady bilen alyp barýan taslamasynyň çäklerinde Ýeriň hemrasynyň daşyndan aýlanan kosmos gämisi gaýdyp geldi. “Orion” kosmos gämisi “Artemis” Aý taslamasynyň çäklerinde birnäçe gezek yza süýşürilenden soňra, 16-njy noýabrda uçurylypdy. Onuň yzyna gaýdyp gelmegi “Apollo 17”-niň Aýa gonmagynyň 50 ýyllygyna gabat geldi. Şeýlelikde, “Orion” 25 günden gowrak wagtdan soňra Ýuwaş ummanynyň Meksikanyň Aşaky Kaliforniýa ştatynyň kenaryna golaý ýere gondy. Aý bilen Ýeriň aralygynda 385 müň kilometrlik aralygy geçen kosmos gämisi howa ýagdaýy sebäpli bellenen ýerde biraz uzaga gonduryldy. “Orion” syýahatynyň dowamynda 2 million 254 müň kilometre barabar ýol geçdi.
ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA) bu maksatnamany 10 ýyldan bäri taýýarlaýar. Geljekde adamly gatnawlary amala aşyrmak maksady bilen dowam etdirilýän taslamanyň çäklerinde kosmos gämisiniň täze işlenip taýýarlanan gyzgynlyk “galkanynyň” 2 müň 760 derejä çydap biljekdigini ýa-da bilmejekdigi hem synagdan geçirildi. Kosmos gämisiniň içinde sensorlar bilen üpjün edilen 3 sany maniken ýerleşdirildi.