ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA), “Artemis” atly taslamanyň çäklerinde 2024-nji ýyla çenli Aýa adamly syýahaty ýola goýmagy maksat edinýär. Bu syýahatlar 2028-nji ýyla çenli dowam eder. Şondan soňra edil Ýeriň orbitasynda bolşy ýaly, Aýyň orbitasynda hem kosmos bekediniň gurulmagyna garaşylýar. Bu taslamalar Marsa syýahatda “duralga” bolup hyzmat eder. Bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin mundan ozal uçurylmagy meýilleşdirilen, emma birnäçe gezek yza süýşürilen ilkinji raketa uçuryldy. “SLS-Orion” atly raketa we kapsula Florida ştatyndaky Kennediniň adyny göterýän kosmodromyndan uçuryldy. Bu raketa meýilnama görä, şu ýylyň 29-njy awgustynda uçurylmalydy. Emma tehniki bökdençlikler we howa ýagdaýy sebäpli birnäçe gezek yza süýşürilipdi.
“Artemis I” atly bu synag şowly tamamlanan ýagdaýynda, NASA astronawtlary kosmos gämisi arkaly 2024-nji ýylda Aýyň daşyndan aýlanyp bilerler, 2025-nji ýylda bolsa Aýa aýak basarlar. Mundan ozal ilkinji gezek 1969-njy ýylda amerikan astronawtlary Aýa aýak basypdylar. 1972-nji ýyla çenli jemi 12 adam Aýa barypdy. Emma şondan bäri Ýeriň hemrasyny adamly syýahat guralmandy.