Hytaýly meşhur aktýor Jeki Çan öz karýerasynyň ilkinji ýyllarynda filmlerde surata düşýärkä, ady rowaýata öwrülen aktýor Brýus Liden kötek iýip görendigini gürrüň berdi. Ol bu barada Saud Arabystanynda geçýän “Red Sea” kinofestiwalynda ýatlady diýip, “Variety” neşiri habar berýär.
Jeki Çanyň aýtmagyna görä, ony Brýus Li tötänlikde urupdyr, Jeki Çan onçakly şikes almadyk bolsa hem, göýä urga çydamadyk ýaly, onuň duýgudaşlygyny gazanmak maksady bilen uwlapdyr. Muňa Brýus Li ynanyp, onuň halyndan hemişe habar alyp durupdyr.
Şeýle hem aktýor, 1973-nji ýylda Brýus Li aradan çykandan soň, özüni super ýyldyzyň mirasdüşeri edip görkezmäge synanyşandyklaryny ýada salyp, özüniň mundan kes-kelläm boýun gaçyrandygyny belledi.
-Men olara garap: “Men Brýus Li däl, eger-de Brýus Li ýokardan urýan bolsa, men aşakdan urýaryn” diýdim. “Brýus şeýle uruşýar, men bolsa düýbünden başgaça. Men Jeki Çan. Men işime başgaça çemeleşýärin – diýip, Jeki Çan özüniň söweş sungatyndan käbir hereketleri görkezdi.