Saud Arabystany belentligi iki kilometre ýetýän gökdirän gurmakçy. Bu bina Dubaýdaky 828 metrlik “Burj Halifa” gökdiräninden hem birnäçe esse beýik bolar. Bu barada “Middle East business intelligence”  neşiri habar berdi.

Ägirt uly binany ýurduň Özygtyýarly gaznasy gurmagy maksat edinýär. Bina Er-Riýadyň demirgazygynda gurlup, meýdany 18 inedördül kilometrden ybarat bolar. Potratçylar taslama 5 milliard dollar baha  kesýärler. Neşiriň ýazmagyna görä, häzirki wagtda gatnaşmak üçin bir million dollar töleg geçirmek şerti bilen bäsdeşlik geçirilýär.

Şol bir wagtda Patyşalygyň demirgazyk-günbatarynda “Mirror Line” atly uzynlygy 120 kilometre we beýikligi 490 metre ýetýän şäher gurulýar. Ol ýerde bäş million adam ýerleşip biler. Ol öz arasynda pyýadalar üçin geçelgeler arkaly birikdirilen iki sany gökdirän görnüşinde bolar.

Häzirki wagtda ýurtda iň beýik bina Patyşalygyň sagat diňi bolup, ol Mekgedäki Abraj al-Beýt (601 metr) atly beýik binalar toplumyna degişlidir.