Saud Arabystanynda «The Line» atly şäheriň gurluşygyna başlandy. Ýurduň demirgazyk-günbatarynda peýda boljak täzeçil şäheri «Neom» kompaniýasy gurýar. Şeýle ýaşaýyş toplumynyň gurulmagynyň esasy maksady adaty hereketlendirijili awtoulaglaryň bolmadyk hem-de howany hiç hili hapalamaýan ekoulgamy döretmekden ybarat. «The Line»-niň gurluşygy, köp babatda nebite garaşly bolan Saud Arabystanynyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmäge gönükdirilen ösüş taslamalarynyň sanawyna girýär. Içinde elektroulaglar hereket etjek şäher köp sanly seýilgählerden we tebigy landşaftlardan ybarat bolup, bir tarapy deňze baryp ýeter. Bu şäheriň XXI asyrda we ondan soňky döwürde şäher dizaýnynyň we onuň tebigat bilen sazlaşygynyň nusgasy bolmagyna garaşylýar. Uzynlygy 170 kilometre, ini 200 metre barabar boljak şäheriň bir tarapyndan beýleki bir tarapyna çenli demir ýol ulagy hereket eder. «Soar Earth» atly kompaniýa şäheriň eýeleýän meýdanyny görkezýän kosmosdan alnan suratlary ýaýratdy. Suratlarda gurluşyk tehnikalaryny hem görmek bolýar.
Gadam BAÝHANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.