Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ata Wa­ta­ny­my­zyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş, me­de­ni taý­dan dep­gin­li ösü­şi­ni üp­jün et­mek, ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak, ýaş­la­ryň bag­ty­ýar gel­je­gi­ni üp­jün et­mek döw­let we mil­li mak­sat­na­ma­la­ry­my­zyň esa­sy we­zi­pe­si­dir. Türk­me­nis­tan dö­red­ýän we gur­ýan kuw­wat­ly döw­let­dir. Gur­lu­şyk pu­da­gy döw­le­ti­mi­ziň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da gur­lup ulan­ma­ga ber­len dür­li mak­sat­ly des­ga­lar ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ok­gun­ly öňe bar­ýan Wa­ta­ny­my­zyň bar­ha art­ýan kuw­wa­ty­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Köp pu­dak­ly mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň in­no­wa­si­ýa­lar esa­syn­da mun­dan beý­läk-de iler­le­dil­me­gi­ne, örän baý te­bi­gy se­riş­de­le­ri­niň do­ly de­re­je­de peý­da­la­nyl­ma­gy­na we se­bit­le­riň top­lum­la­ýyn öz­ger­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len, ile­ri tu­tul­ýan mak­sat­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zy ok­gun­ly ös­dür­mek üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gin­de ma­ýa go­ýum-gur­lu­şyk top­lu­my­na äh­mi­ýet­li orun de­giş­li­dir.
Tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de eziz Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de iri möç­ber­li şä­her­gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hu­su­san-da, Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gu­rul­ma­gy, bu ýer­de ila­tyň äh­li amat­lyk­la­ryň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ma­gy, ne­ti­je­li iş­le­me­gi we oka­ma­gy, göw­ne­jaý dynç al­ma­gy, sport, dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň üp­jün edil­me­gi ýur­du­myz­da adam ha­kyn­da­ky ala­da­nyň ile­ri tu­tul­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Bu şä­he­riň türk­men te­bi­ga­ty­nyň iň gö­zel ýer­le­ri­niň bi­rin­de – Kö­pet­da­gyň ete­gin­de bi­na edil­me­gi hem te­bi­gat bi­len yn­sa­nyň ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni gör­kez­ýär. Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi Türk­me­nis­tan­da­ky il­kin­ji «akyl­ly» şä­her bo­lar. Bu ýer­de te­bi­gy gö­zel­li­gi sak­lap gal­mak mak­sa­dy bi­len «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­lar giň­den ula­nyl­ýar. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar, in­tel­lek­tu­al ul­gam­lar or­naş­dy­ry­lyp, «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy dur­mu­şa ge­çi­ri­ler. Şä­her­de eko­lo­gik taý­dan aras­sa ulag­la­ryň he­re­ke­ti ýo­la goý­lar. Elekt­ro­bus­lar, elekt­ro­mo­bil­ler he­re­ket eder. Aw­tou­lag­la­ry goý­mak üçin ni­ýet­le­nen «akyl­ly» aw­to­du­ral­ga­lar peý­da bo­lar. Gün we ýel ba­ta­re­ýa­la­ry, yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my döw­rüň iň ýo­ka­ry ýa­şa­ýyş me­de­ni­ýe­ti­ni üp­jün et­mä­ge hyz­mat eder.
Ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň tä­ze­çil usul­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän we­la­ýa­tyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi äh­li gör­ke­zi­ji­ler ba­bat­da nus­ga­lyk­dyr. Ahal we­la­ýa­tyn­da açyl­jak bu döw­re­bap mer­ke­ziň gys­ga wagt­da gu­rul­ma­gy, şo­nuň bi­len bir­lik­de, gur­lu­şyk ul­ga­myn­da yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny özün­de jem­le­me­gi ta­ry­hy wa­ka­dyr. Hu­su­san-da, we­la­ýat mer­ke­zin­de su­wa­ryş hem-de ýa­gyn suw­la­ry top­la­nyp, ola­ry aras­sa­la­mak ar­ka­ly gaý­ta­dan ulan­mak, bi­na­lar­da gur­na­lan lift­le­ri mer­kez­leş­di­ri­len gör­nüş­de do­lan­dyr­mak, mer­ke­ziň için­dä­ki ýol­la­ryň ýan­ýo­da­la­ryn­da gör­şi pes adam­lar üçin tak­til gör­nüş­li ýo­da­lar hem-de we­lo­si­ped sü­rü­ji­ler üçin ýö­ri­te ýo­da­lar göz öňün­de tu­tul­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy we taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len se­bit­de iň iri tas­la­ma­la­ryň bi­ri bo­lan Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň tas­la­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça onuň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da 336 sa­ny bi­na­nyň we des­ga­nyň, şol san­da äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, dün­ýä­niň iň kä­mil en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­jek ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň, has­sa­ha­na­la­ryň, or­ta mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, eda­ra bi­na­la­ry­nyň, in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň we beý­le­ki mö­hüm äh­mi­ýet­li des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar.
Aha­lyň tä­ze mer­ke­zi, ha­ky­kat­dan-da, tu­tuş Mer­ke­zi Azi­ýa­da we se­bit­de il­kin­ji bi­na edi­len «akyl­ly» şä­her­le­riň bi­ri bo­lar. Ol eko­lo­gik taý­dan aras­sa se­bit­de ýer­le­şip, hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny bü­tin dün­ýä äş­gär ed­ýän, iň hä­zir­ki za­man «akyl­ly» şä­he­riň aja­ýyp nus­ga­sy bo­lup dur­ýar. Bu ýer­de «akyl­ly» şä­her­ler­de ta­lap edil­ýän howp­suz­lyk, «ýa­şyl» şä­her, «akyl­ly» ulag ul­ga­my, «akyl­ly» gaz, suw we elekt­rik ul­gam­la­ry­nyň hem-de «akyl­ly» şä­her hyz­mat­la­ry­nyň göz öňün­de tu­tu­lan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek buý­sanç­ly­dyr.

Gam­bar­gu­ly ÝAL­KA­MY­ŞOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.