Tamamlanyp barýan 2022-nji ýylda iň köp syýahatçy kabul eden şäherleriň sanawy mälim edildi. Bu ýyl pandemiýa bilen baglanyşykly çäklendirmeleriň aradan aýrylmagy bilen syýahatçylyk pudagy dikeldilip başlandy. Şeýle bolansoň, halkara howa gatnawlary hem artdy. Angliýanyň «Euromonitor» kompaniýasynyň maglumatlary esasynda «CNN Travel» neşiri dünýäniň iň köp barlan şäherleriniň sanawyny ýaýratdy. Sanawa 100 şäher girizlipdir. Ilkinji onlukda Pariž, Dubaý, Amsterdam, Madrid, Rim, London, Mýunhen, Berlin, Barselona we Nýu-Ýork bar. Sanawdan görnüşi ýaly Ýewropa şäherleri öňdeligi eýeleýär. Dünýäniň iň köp syýahatçy çekýän şäherleriniň arasynda Pariž birinji ornuny saklamagyny dowam etdirýär. Ýakyn Gündogaryň täjirçilik şäheri hasaplanýan Dubaý hem-de ABŞ-nyň meşhur şäheri Nýu-Ýork hem öňdäki orunlary eýeleýär.
Saparmuhammet ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









