Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by dün­ýä­niň iň kel­te ada­my­ny ha­sa­ba al­dy. 20 ýaş­ly eý­ran­ly Af­şin Es­maeýl Ga­der­za­dä­niň bo­ýy ba­ry-ýo­gy 65,24 san­ti­met­re ba­ra­bar bo­lup, dün­ýä­niň iň kel­te uly ada­my hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Ag­ra­my 6,5 ki­log­ram bo­lan Ga­der­za­de dün­ýä­niň iň uly ada­my­nyň kim­di­gi­ni ta­na­ýan­dy­gy­ny, onuň eli­ne sy­gyp bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär. Hor we kel­te bo­lan­dy­gy üçin ol hiç ha­çan mek­de­be git­män­dir. Ada­ty ulu­lyk­da­ky adam­la­ryň ýa­nyn­dan aýyr­ma­ýan el te­le­fo­ny­ny agyr bo­la­ny üçin gö­ter­me­gi ha­la­ma­ýar. Köp ada­myň gö­ter­ýän te­le­fo­ny­nyň ag­ra­my 120-200 gram ara­ly­gyn­da bol­ýar. Ga­der­za­de dün­ýä inen wag­ty 700 gram eken. Ga­der­za­de mun­dan ozal­ky re­kor­dyň eýe­si ko­lum­bi­ýa­ly 36 ýaş­ly Ed­ward Niño Her­nan­dez­den 7 san­ti­metr­den gow­rak kel­te.
Çet oba­la­ryň bi­rin­de ýa­şa­ýan Ga­der­za­de Du­baý­da­ky Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­la­ry­nyň ofi­si­ne äki­dil­di. Ga­der­za­däniň boýy 24 sa­ga­dyň do­wa­myn­da üç ge­zek öl­çe­nip tas­syk­lan­dy. Dün­ýä­niň iň kel­te ada­my dün­ýä­niň iň be­ýik bi­na­sy bo­lan Burj Ha­li­fa­ny gör­me­gi ar­zuw ed­ýän eken. Gin­nes Re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­kil­le­ri Ga­der­za­dä­niň bu ar­zu­wy­ny ama­la aşyr­dy. Eý­ra­nyň Gün­ba­tar Azer­baý­jan we­la­ýa­ty­nyň Bu­kan et­ra­byn­da ýa­şa­ýar. Ol bo­ýu­na gö­rä egin-eşik tap­ma­ýan­dy­gy se­bäp­li ýö­ri­te tik­dir­me­li bol­ýar.