Global çip enjamlary artar

119

Ýarymgeçiriji öndürijileri senagat birleşigi SEMI, çip öndürmek üçin enjamlar bazarynyň ösüşi barada maglumat ýaýratdy. Maglumatda şu ýylyň dowamynda dünýäde şeýle enjamlara gönükdirilen maýa goýumyň möçberiniň 108,5 milliard dollara ýetjekdigi bellenilýär. Geljek ýylda bolsa Hytaý bu ugurda iň köp maýa goýum çeken ykdysadyýet bolar. 2024-nji ýylda Taýwan öňe geçer. Geçen ýyl bolsa, ýarymgeçiriji önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýalar önümçilik maşynlaryny we beýleki tehnologiýalary satyn almak üçin 102,5 milliard dollar sarp edipdirler. 2022-nji ýylda bu görkeziji 5,9 göterim ýokarlandy, rekord derejä ýeter. Şeýlelikde, çip öndürijileriniň umumy maýa goýumy soňky iki ýylda 100 milliard dollardan ýokary bolar.

Çip synag enjamlary bazarynyň girdejisi 2021-nji ýylda 30% ýokarlanypdyr, şu ýyl 2,6% azalyp, 7,6 milliard dollar bolar. Indiki ýyl 7,1 milliard dollara çenli azalmagyna garaşylýar. 2024-nji ýylda çip synag enjamlary girdejisiniň 15,8% ösüş gazanmagyna garaşylýar. Maglumatlara görä, 2022-nji ýylda Hytaý, Taýwan we Günorta Koreýa çip öndürýän enjamlary boýunça ilkinji üçlügi eýelemegini dowam etdirer. Soňky üç ýyldan bäri Hytaý bu ugurda öňdebaryjy bolmagyna galýar. Hytaýyň bu ugurdaky öňdeliginiň geljek ýyl hem dowam etmegine garaşylýar.

Çeper Gylyjowa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ kompýuter we maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy