Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň çaklamasyna laýyklykda, 2023-nji ýylda koronawirus ýokanjy özüniň pandemiýa häsiýetini ýitirer. Bu barada guramanyň başlygy Tedros Gebreýesus habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, – Koronawirus ýaşamagyny dowam etdirer, emma “COVID-19” ýokanjy ählumumy möçberde adatdan daşary ýagdaýlary ýüze çykarmaz. Muňa BSGG-de umyt edilýär – diýip, Gebreýesus tassyklady.
Guramanyň başlygy koronawirusyň pidalarynyň birnäçe esse azalandygyny aýtdy. Mysal üçin, bir ýyl mundan öň koronawirusdan hepdede 50 müň adam gaýdyş eden bolsa, geçen hepde 10 müňe golaý adam dünýäsini täzeledi.
BSGG-niň ýolbaşçysy her niçikde bolsa, ýokanjyň henizem adamlaryň saglygy üçin howply bolmagynda galýandygyny belläp, onuň ýaýramagyna garşy göreşe dünýä ýurtlarynyň ählisini çagyrdy.