“Zenan” (woman) “Dictionary.com” onlaýn sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady. Geçip barýan ýylda bu sözi internetde gözleýänleriň sany, 2021-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, iki esse artdy. Sözlügiň wekilleriniň nygtamagyna görä, “Dictionary.com” saýtyndaky “woman” sözi boýunça gözlegler jemgyýetçiligiň ünsüni çeken wakalar hem-de bu sözüň manysy babatda meseläniň milli derejede ünsi çekmegi bilen baglylykda, birnäçe esse artypdyr.

Dilçiler “woman” sözüniň kesgitlemesiniň gözlegleriniň mart aýynda has-da artandygyny belleýärler, muňa Ketanji Braunyň ABŞ-nyň taryhynda ýurduň Ýokary kazyýetinde kazynyň wezipesini eýelän ilkinji afroamerikan zenany bolmagy sebäp bolupdyr.