Energiýanyň arassa çeşmelerine bolan islegiň ýokarlanmagy bilen bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy hem berkeýär. “Eletrobras” we “Shell” kompaniýalary Braziliýanyň deňiz kenarynda ýel beketlerine bilelikde gurmak üçin şertnamasy baglaşdylar. Bu barada Braziliýanyň “Eletrobras” kompaniýasy habar berdi. “Eletrobras” bu şertnamanyň gaýtadan dikeldilýän energiýany diwersifikasiýa etmekde kompaniýanyň strategiýasynyň bir bölegidigini aýtdy. 2024-nji ýyldan başlap, bu beket her ýylda, takmynan, 1,2 TWt elektrik öndürip başlar. Bu bolsa 620 müň maşgalany elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Mundan ozal Braziliýada gaýtadan dikeldilýän energiýany pudagyna Norwegiýanyň “Equinor” kompaniýasynyň hem maýa goýýandygyny mälim edilipdi.
Arslan Agaýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy
PDF









