ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA) köp bölegini suw tutýan iki sany planetanyň üstüni açdy. Gün ulgamynyň daşyndaky bu planetalar barada “Nature Astronomy” atly žurnalda ylmy makala çap edildi. Asman jisimleri “Hubble” we “Spitzer Space” atly iki sany teleskop arkaly tapylypdyr. Olaryň birine “Kepler-138 c”, beýlekisini “Kepler-138 d” diýlip at berildi. 218 ýagtylyk ýyly uzakda ýerleşýän ýyldyz ulgamyndaky bu iki planetanyň biriniň reňki ýere meňzeş – gök, beýlekisi gyzyl. “Kepler” maşgalasy diýlip atlandyrylýan bu planetalar ýerden 1,5 essä barabar uly. Astronomlar “Kepler-138 d”-niň ýüzüniň daşlykdygyny çaklaýar. Professor Býörn Benneke bu iki planetanyň hem tutuşlygyna diýen ýaly suwludygyny, emma alnan suratlaryň muny doly subut etmeýändigini aýdýar. “Kepler-138 d”-daki suw gatlagy 2 müň kilometre golaýdygy çaklanylýar. Ýeriň ummanlarynyň ortaça çuňlugy 4 kilometrden az bolup, iň çuň ýeri 11 kilometre barabar.
Aýperi Zyýarowa , S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.