BMG bi­len ýig­ri­mi ýylyň do­wa­myn­da hyz­mat­daş­lyk eden ame­ri­ka­ly akt­ri­sa An­je­li­na Jo­li BMG-niň Bos­gun­lar bo­ýun­ça Ýo­ka­ry Ko­mis­sar­ly­gy­nyň (BBÝK) ýö­ri­te we­ki­li we­zi­pe­sin­den çe­ki­ler.
-Biz on­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da eden hyz­mat­la­ry, yh­la­sy we bos­gun­lar üçin eden iş­le­ri üçin ho­şal. BMG bi­len uzak we üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk­dan soň, mis­si­ýa­sy­ny üýt­get­mek ka­ra­ry­ny gol­da­mak is­le­gi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­rin – di­ýip, BMG-niň Bos­gun­lar bo­ýun­ça ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry Fi­lip­po Gran­di aýt­dy.
Akt­ri­sa BMG-niň Bos­gun­lar bo­ýun­ça Ýo­ka­ry Ko­mis­sar­ly­gy­nyň (BBÝK) köp san­ly gör­nük­li we yh­las­ly iş­gär­le­ri bi­len iş­le­mek ar­tyk­maç­ly­gy we müm­kin­çi­li­gi üçin min­net­dar­ly­gy­ny bil­dir­di we gel­jek­de bos­gun­lar we ýer­li gu­ra­ma­lar bi­len gö­ni ara­gat­na­şyk gur­mak is­le­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Jo­li BMG-niň Bos­gun­lar bo­ýun­ça Ýo­ka­ry Ko­mis­sar­ly­gy bi­len 2001-nji ýyl­dan bä­ri iş­le­ýär we 2012-nji ýyl­da gu­ra­ma­nyň ýö­ri­te we­ki­li we­zi­pe­si­ne bel­len­di. Be­ýan­na­ma­da akt­ri­sa­nyň BMG-niň iş­gär­le­ri bi­len bi­le­lik­de Ýe­men we Bur­ki­na Fa­so ýa­ly 60-dan gow­rak ýurt­da öz mis­si­ýa­sy­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ren­di­gi bel­le­nil­ýär.