“Microsoft” kosmosdan internet hödürlär

138

Prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan “Micro­soft” kom­pa­ni­ýa­sy “Via­sat” şe­re­ke­ti bi­len bi­le­lik­de kos­mos­dan Ýer ýü­zü­niň çet ýer­le­ri­ni in­ter­net bi­len üp­jün eder. “Air­band” at­ly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de ýe­ter­lik de­re­je­de inf­rast­ruk­tu­ra­nyň ýok ýer­le­ri ýo­ka­ry hil­li in­ter­net bi­len üp­jün edi­ler. Il­kin­ji no­bat­da, dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­dä­ki 10 mil­li­on ula­ny­ja ýo­ka­ry tiz­lik­li we yg­ty­bar­ly in­ter­net hyz­ma­ty­nyň hö­dür­len­jek­di­gi mä­lim edil­di. Bu hyz­mat­dan Af­ri­ka­da­ky An­go­la, De­mok­ra­tik Kon­go Res­pub­li­ka­sy, Mü­sür, Ni­ge­ri­ýa we Se­ne­gal ýurt­la­ryn­dan 5 mil­li­on ula­ny­jy peý­da­la­nar. Gü­nor­ta Ame­ri­ka ýurt­lar bo­lan Gwa­te­ma­la we Mek­si­ka hem-de ABŞ ýa­ly ýurt­lar­da 5 mil­li­on ula­ny­ja hyz­mat hö­dür­le­ner. Hä­zir­ki wagt­da “Micro­soft”-yň Kon­go De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy, Ga­na, Ke­ni­ýa, Mo­zam­bik, Ni­ge­ri­ýa we Gü­nor­ta Af­ri­ka ýa­ly ýurt­lar­da dür­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär. “Micro­soft” 2025-nji ýy­la çen­li 250 mil­li­on ula­ny­ja in­ter­net hyz­ma­ty­ny hö­dür­lär.
Hä­zir­ki wagt­da Ilan Mas­kyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän “Star­link” hem-de Ang­li­ýa­nyň “One­web” tas­la­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de gö­nü­den-gö­ni kos­mos­dan in­ter­net hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­mek üçin tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Be­genç Gur­ba­now, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by