“Volkswagen”-iň krossower modeli “T-Roc”-yň üsti açylýan täze görnüşi öndüriler. 999 sanysy öndüriljek modeliň ilkinji nusgasy 2018-nji ýylda peýda bolupdy. Häzire çenli bu ulagdan 1 milliona golaýy satyldy. Ulagyň kabriolet, ýagny üsti açylýan ilkinji nusgasy 2020-nji ýylda öndürilipdi. “Volkswagen T-Roc Cabriolet Grey Edition” atly täzelenen nusgada 18 dýuýmlyk diska, LED çyra, yzyny görüp bolýan kamera ýaly tehniki aýratynlyklar bar. Müşderiniň islegine görä, satylýan “Edition Plus” görnüşiniň tekerleri 19 dýuýmlyk bolup, goşmaça “BeatsAudio” ses ulgamy bilen üpjün edilen. Ulagyň kuwwaty 148 at güýjüne barabar bolup, hereketlendirijisiniň iş göwrümi 1,5 litre deň. Sargyt kabul edilip başlanan ulagyň 2023-nji ýylyň fewralynda müşderilere ýetiriljekdigi mälim edildi.