Ýakyn geljekde Hindistanyň Hytaýdan ozduryp, dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolmagyna garaşylýar. Bu iki Aziýa ýurdunyň ilaty dünýä ilatynyň üçden birinden gowragyny emele getirýär. Hytaý ilatynyň artyşynyň geljek ýyldan peselip başlamagyna garaşylýar. Geçen ýyl bu bu ýurtda dünýä inen bäbekleriň sany 10,6 million bolupdyr. Bu görkeziji ýurtda dünýäsini täzelänleriň sanynda biraz köp bolupdyr. Hindistanda hem çaga dogluşa soňky ýyllarda azalýar. Bu ýurtda 1950-nji ýyllarda her zenan başynda 5,7 çaga düşýän bolsa, häzirki wagtda ikä çenli azaldy. Hytaýda bolsa, ilatyň artyşy iki essä çenli azalypdyr. Bu ýurtda 1973-nji ýylda her zenana ortaça 2 çaga düşýän bolsa, 1983-nji ýylda 1,1-e düşüpdir. Bilermenler bu ýagdaýyň durmuş gurmak ýaşynyň giç bolmagy bilen baglanyşyklydygyny belleýärler. Hindistan bolsa, XX asyryň ikinji ýarymynyň uly böleginde ilatyň artyşy iki göterim töweregi bolupdyr. Şeýle hem ölüm mukdary azalyp, ortaça ýaş artypdyr. Hindistanyň ilaty 1947-nji ýyldan bäri milliardan gowrak köpelipdir. Bilermenler artyşyň ýene 40 ýyl dowam etjekdigini çaklaýarlar. Ýurtda ýaşaýjylaryň girdejisiniň artmagy, saglygy goraýyş we bilime elýeterliligiň gowlanmagy ilatyň artmagyna sebäp bolýandygy bellenilýär. Bilermenler geljek ýylyň aprelinde Hindistanyň dünýäniň iň köp ilatly ýurdy boljakdygyny çaklaýarlar.