Täze ýyl aýdymlarynyň däpleri dünýäniň köp ýurtlarynda henize çenli saklanyp galypdyr. Täze ýylda çagalar hem, ulular hem biri-biri bilen şatlyklaryny deň paýlaşyp, söýgi we parahatçylyk barada aýdym aýdýarlar. Täze ýylyň bosagasynda dünýäniň dürli künjeklerinde bellenip geçilýän bu baýramçylykda ýerine ýetirilýän aýdymlar barada gürrüň bermegi makul bildik.

Beýik Britaniýa we Irlandiýa

Irlandiýa, Şotlandiýa we Uels öz geçmişi bilen arasyny üzmän, aýdym-saz däp-dessurlaryny saklap gelýärler. Iň meşhur täze ýyl aýdymlary, elbetde, XIX-XX asyryň aýdymlarydyr. Olaryň biri  Kristina Rosetti tarapyndan 1872-nji ýylda ýazylan “Ýowuz gyş” atly goşgydyr. 1900-nji ýylyň başynda bu goşga saz ýazylyp, onuň dürli görnüşleri peýda bolýar. Olaryň birini bolsa, iňlis kompozitory Gustaw Holst ýazýar.

Ispaniýa

Täze ýyl aýdymlaryny aýtmak däpleri saklanyp galan ýurtlaryň ýene-de biri bolsa, Ispaniýadyr. Ispanlar flamandlaryň neslinden bolup, öňden gelýän aýdym-sazlar bu baýramçylygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Aýdymçy La Lose hem-de gitaraçy Leandro Býanki dagy flamenko tärinde aýdym aýdýarlar. Andaluz aýdymlary hem aýratyn ähmiýete eýedir. Ispaniýanyň obalarynyň ýaşaýjylarynyň köpüsi Täze ýyl güni aýdym aýtmak üçin bütin maşgala bolup, köçä çykýarlar. Ispaniýanyň çetki obalarynda bolsa, çagalar öýme-öý aýlanyp, täze ýyl aýdymlaryny aýdyp, sowgat hökmünde az-owlak gazanç edýärler. Ispanlaryň XVI asyrdan galan täze ýyl aýdymlary biziň günlerime çenli gelip ýetipdir.

Gresiýa we Kipr

Grek adalarynda hem täze ýyl aýdymlarynyň däpleri saklanyp galypdyr. Her bir sebitde 30-a golaý aýdym saklanyp galyp, olar lýutnýa ýa-da buzuki ýaly saz gurallarynda ýerine ýetirilýär.

Wengriýa

Wengriýanyň demirgazygynda iň esasy täze ýyl aýdymy ýurduň ozalky taryhy ýeri bolan Transilwaniýada ýerine ýetirilýär. Bu aýdymy çagalar öýme-öý aýlanyp ýerine ýetirýärler.

Germaniýa

Germaniýanyň iň meşhur täze ýyl aýdymy “Leise rieselt der Schnee” (Assa düşýän gar) bolup, 1895-nji ýylda kompozitor Eduard Ebel tarapyndan ýazylypdyr. Ol garly täze ýyl manzaryny beýan edýän ýönekeýden özboluşly saz bolup, köpüň göwnünden turýar. Şeýle hem Germaniýada öýde we ybadathanada täze ýyl aýdymyny aýtmak däp-dessurlary saklanyp galypdyr. “O! Tannenbaum” (Eý, Täze ýyl arçasy!) iň meşhur maşgala aýdymlarynyň biri bolup, şol bir wagtyň özünde ýylyň bu günlerinde “Mach hoch die Tür, die Tor macht weit” (Gapyny aç, gapy açylýar) aýdymyny ybadathanada ýygy-ýygydan diňläp bolýar.

Fransiýa

Fransiýada täze ýyl däp-dessurlary esasan, Elzas ýaly ozalky nemes sebitinde we Alpyň käbir ýerlerinde saklanyp galypdyr. Muňa garamazdan, fransuz dilinde iň gowy köne Täze ýyl aýdymy “Étoile des neiges” (“Garpisint ýyldyz”), bolup, onda Alp sebiti Sawoýýada bolup geçen söýgi wakasy barada gürrüň berilýär.

Russiýa

Russiýada, slawýan goňşularyndan tapawutlylykda, Roždestwo aýdymlaryny aýtmak däbi henizem saklanyp galmady. Biziň döwrümizde gyşky dynç alyşlaryň iň meşhur aýdymyny XX asyryň başynda höwesjeň kompozitor Leonid Bekman tarapyndan ýazylan “Tokaýda doglan Täze ýyl agajyny” ýatlap bolar. Slawýan halklarynyň arasynda “kolýada” diýlip atlandyrylýan aýdym aýtmak däbi bolsa, Täze ýyl gijesine ýerine ýetirilýär.