“Movan” atly tehnologiýa brendi zenanlar üçin niýetlenen”akylly” ýüzügini tanyşdyrdy. “Evie” atly enjam beýleki goşara dakylýan enjamlar ýaly ýürek urşuňy, ýörän, ylgan, uklan wagtyňy we beýlekileri ölçeýär. Saglygy goraýyş enjamlaryny öndürýän “Movano”-nyň ilkinji ýüzügi “Oura” we “Circular” ýaly beýleki ‘akylly” ýüzüklerden öňe saýlanýar. Kompaniýa bu enjamyň diňe zenanlara niýetlenendigini we şoňa görä dizaýn edilendigini mälim edýär. Beýleki “akylly” ýüzüklerden we goşarlyklardan tapawutlylykda bu enjam deriniň saglygyna hem gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýüzügiň adamyň ruhy ýagdaýa barada hem maglumat berýändigi bellenilýär.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Jon Mastrototaro bu ýüzügiň lukmançylyk enjamydygyny, beýleki meňzeş enjamlardan has gowudygyny belleýär.
Nagmat Atakow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby
PDF









